Lyrics

Señ ýüregiñ arassa Günä añyrda dursun, ýokmaz gazanyñ garasam Garañ görünse çekinyär görenler alysdan Köp sadaka berýäñ, bolañda näme alymsak?! Alyş çalyş bar eger jynymyz alyşsa Maña ýüz beräý, garaşmaly bolsa garaşjak Gara çynym aýdýan hökman birgünä tanyşarys Seni tanajak bolup saldym kellämi tanapa Başlyk boljak bolýañ bilýän, garabaşagaý Galla gazanmagyñ ugrunda gara başa baý Garadan gaýtma gazanjak bolsañ başyndan Garañy ýitirýäler - gara niýetler daşyñda Garaz diýjek bolýanym ýüregiñ arassa Men-menligem ýok sende, gapdaldan garasañ Garagolluk edip ýörkäñ, gara basanda Gara der bolup oýandyñ, gara ýeriñ astynda Düş aşak, düş aşak, nebsim! Goýup bilemok, bilemok taşlap Seni daşap geldim Pul göremde saýgaramok ak, gara Goýdum "o taraby" gapdala Ýeter öýdemok hemmesini alsamam Sen başga, men başga - ak, gara Señ ýüregiñ arassa Günä añyrda dursun, ýokmaz gazanyñ garasam Göni baryp eýe çykmaly birzat ýarasa Señ üçin harasat ýaly işleñ garasam Seni garaşdyryp bolmaz, men saña garaşly Tutmaz seni, näçe alsañam, naçaryñ gargysy "Gapjygy garawulla" köneleriñ sargydy Arkaýyn sowuber, sen hemişe algyly Pul gara gözümiñ garasy, gara dagdan iner Üns berme garamaýagyñ gözündäki sile Direg döwülýänçä dire, olar entek diri Bir gulakdan çykan zat beýlekiden girmez Garaşma garañky gelmez, saña entek irle Garagyñ gapylasy ýok dolup dursa kise Garabokurdagyñ gum doýurar, arkaýyn iyiber! Gara niýetim yok, ýöne soñ diýmedi diýme Sen başga, men başga Nebsim! Goýup bilemok, bilemok taşlap Seni daşap geldim Pul göremde saýgaramok ak, gara Goýdum "o taraby" gapdala Ýeter öydemok hemmesini alsamam Sen başga, men başga
Writer(s): Orazberdi Saparov Lyrics powered by www.musixmatch.com
instagramSharePathic_arrow_out